Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GEÝINME  GARANY

GEÝINME  GARANY


Müžgäniň inderip, çytma gaşyňy,

Gel, eý Selbim, sen geýinme garany,

Humar ala gözden dökme ýaşyňny,

Gel, eý Selbim, sen geýinme garany.


Sen meniň pädşahym, tagtym-da bardyr,

Gara geýmek seniň bagtyňda bardyr,

Sabyr eýle söwdügim, wagtyň-da bardyr,

Gel, eý Selbim, sen geýinme garany.


Gök ýüzünde mähri, mahy söýer sen,

Ýer ýüzünde ger Hemrahy söýer sen,

Gyrmyzy geý, bir allahy söýer sen,

Gel, eý Selbim, sen geýinme garany.


Hemra diyer, gaýnap ýüregim joşmaz,

Ataşy bolmasa, lukmasy bişmez,

Gülgün geýgil, saňa gara ýaraşmaz,

Gel.eý Selbim, sen geýinme garany.