Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝAŞYLBAŞ

ÝAŞYLBAŞ


Üç gözelden suw diledim gülüşdi,

Birisiniň gülküsi ýüregme düşdi,

Birisi suw berip, beýläme geçdi,

Gelinler, seýliňiz mübärek bolsun.


Birisiniň geýdijegi daraýy,

Ýene biri bar süýşe boýly suraýly,

Iň kiçisi täze dogan aý ýaly,

Gelinler, seýliňiz mübärek bolsun.


Arryk arman çeker aýrylsa ýazdan,

Guşlar tälim alar ýörişde gazdan,

Men seni gow görýän gelinden-gyzdaw,

Gelinler, seýliňiz mübärek bolsun.