Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

OÝANMAZ

OÝANMAZ


Gapyl ýatma näzli ýarym,

Barsam, oýanmaz-oýanmaz;

Şirin lebleriň bal edip,

Sorsam, oýanmaz-oýanmaz.


Meniň ýarym gyzyl güldür,

Näzenindir, inçe bildir,

Ak ýüzünde goşa haldyr,

Emsem, oýanmaz-oýanmaz.


Sensiň, meniň gyzyl gülüm,

Bagda saýraýan bilbilim,

Söwer ýaryň inçe biliň,  

Guçsam, oýanmaz-oýanmaz.


Üstüňizden düşdi ýolum,

Sonam, bizden ne hyýalyň,

Atanyýaz diýr, arzy-halym, 

Aýtsam, oýanmaz-oýanmaz,.