Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

NE  PEÝDA

NE  PEÝDA


Bilbil horram bolup niçik saýrasyn,

Bagyn hazan ursa, gülden ne peýda,     ,

Bir goç ýigit gamgyn bolman neýlesiň

Pelek sütem etse, ilden ne peýda.


Altmyşynda awuň alabilmer sen,

Ýetmişiňde dogry galabilmer sen,        

Segsende märekä barabilmer sen,

Ýigrimi bäş ýaşdaky bilden ne peýda.


Adam bolar adamzadyň geregi,

Ogul bolar goç ýigidiň diregi,

Arap atyň köp gerekdir süýregi,

Guýrugy bolmasa, ýaldan ne peýda.


Her kimirse birlen bir ýana gitseň,

Ýadyndan  çykarmaz ýagşylyk etseň,

Aýdyjy Babanýaz, dünýäden ötseň,

Garagöz gelinden, maldan ne peýda.