Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

APAT

APAT


Gara gözli, galam gaşly perizat,

Aýda bilmen birje sözüm bar, saňa,

Hijriňde köýüp men dat bilen  bidat,

Iki çeşmim bir görmäge zar, saňa.


Çil-çil bolan gara zülpüň baglama,

Hanjar alyp ýürek-bagrym daglama,

Esiriň men  işigiňden  kowlama,

Gerek dälmi namys bilen ar, saňa.


Dal gerdene tylla heýkel dakmasaň,

Nerkes gözüň süzüp, gaşyň kakmasaň,

Ýüz-müň suhan aýtsam bäri bakmasaň,

Niçik edip ýaranar men ýar, saňa.


Pidaýy diýr, isläp geldim men wepa,

Wepa isläp geldim, sen berdiň jepa,

Hijriňde hassa men, sen bergil şypa,

Şypa isläp geldim men bimar, saňa.