Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

KIM BILER

KIM BILER


Goç ýigide nisbet däldir gedemlik,

Şir bolsa, barçadan özün kem biler,

Bedasyl ýigide ýetişse beglik,

Tumak baglap, hatyrasyn jem biler.


Tilki, şagal inmez şiriň läşine,

Çekmäge ner gerek asýa daşyna,

Mert gutular her iş düşse başyna,

Namart gurap, sähel işi gam biler.


Doýan güni döw «taý gelmez» özüne,

Boýun almaz aýbyn diýseň ýüzüne,

Namart ýigit girmez merdiň sözüne,

Mert ýigitler merdiň sözün em biler.


Birniçe ýigide salyngy düşek, .

Birniçeden ýegdir, sygyr hem eşek,

Akylla — yşarat, akmaga — kötek,

Kimse dile düşer, kimse üm biler.


Şabende, syn et, bu-da bir zaman,

Adam-adam parhy ýer bilen asman,

Selmany-päk  bolsaň ýa  kazy-Lukman,

Mir Alyşir bolsaň, gadryň kim biler.