Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AÝJEMAL

AÝJEMAL


Agalar, men aşyk tapmadym çäre,

Her zaman ýanyma gelsin Aýjemal,

Aşyklyk derdinden ýüregim para,

Her zaman ýanyma gelsin Aýjemal.


Meniň Aýjemalym gymmat bahaly,

Tylladandyr köwüşiniň nahaly,

Indi ýakyn geldi gitjek mahaly,

Şaňňyrdap ýanyma gelsin Aýjemal.


Kararym ýok Aýjemalym görmesem,

Durarym yok dünýä malyn bermesem,

Seniň bilen zowky-sapa sürmesem,

Her zaman ýanyma gelsin Aýjemal.


Gul Dowan diýr indi mende karar ýok,

Jesetden aýrylsa tenden mydar ýok,

Sensiz indi bu ýerlerde durar ýok,

Meniň hassa halym sorsun Aýjemal.