Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

DÜŞDI

DÜŞDI


Eý agalar, ol obada,

Gözüm bir gülzara düşdi,

Saçy şamar ak ýüzünde,

Bir owsunjy mara düşdi.


Ony gören bende şatdir,

Belki, dowzahdan azatdyr,

Meger, asly perizatdyr,

Göwnüm ol gümana düşdi.


Agzynda  altyn galasy,

Yşkyň oduna ýanasy,

Uzak ýerden çoh nalasy,

Hemmämize şeýle düşdi.


Molla diýr, ýaryn görende,

Ýüregim jiglär, gülende,

Zülpüne şemal degende,

Her tary bir ýana düşdi.