Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SUWA GELEDIR

SUWA GELEDIR


Mergen gardaş, ne ýatyp sen bihabar,

Sakla ýoluň, maral suwa geledir;

Çekiminde durgun birnäçe säher,

Sakla ýolun, maral suwa geledir.


Ýar-ýaryň gadyryn ölinçä bilmez,

Näz bilen gelenler gözüne ilmez,

Şu çeşmeden başga ýerden suw almaz,

Sakla ýolun, maral suwa geledir.


Jemaly bar semaýynyň aýydyr,

Görk içinde melaýyklar taýydyr,

Aşygyny öldürmäge saýydyr,

Sakla ýolun, maral suwa geledir.


Syýadan garadyr dalynda saçy,

Ýüzüňe düşüpdir zülpüniň ujy,

Jennete ogşaýyr goýnunyň içi,

Sakla ýolun, maral suwa geledir.


Ysmaýyl diýr, meni başdaň ýakypdyr,

Lagly-merjen ýakasyna dakypdyr,

Gyzlar bilen baga seýle çykypdyr,

Sakla ýolun, maral suwa gelipdir.