Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BIR GELIN

BIR GELIN


Oturypdym çarhowuzyň başynda,

Sallanyp şu ýana geçdi bir gelin.

Şaňňyrdap geçýändir günde bir ýola,

Ýandyrdy ataşy, ýakdy bir gelin.


Tutaý diýsem tuta bilmen elinden,

Gepleşende bal töküler tilinden,

Duzak gurap tutsam giden ýolundan,

Saýýat men toruma düşdi bir gelin.


Körpe gyzlar ýygnanypdyr daşyna,

Gurban bolsam hem gözüne, gaşyna,

Enem geldim şu çeşmäniň başyna,

Ýandyrdy çeşmäni, suwy bir gelin.


Bäş bent diýdim bir gaýbana sözüne,

Alma ýaňagyna, gara gözüne,

Ýedi ýyldyr men aşygam özüne,

Syparyş gönderdi maňa bir gelin.


Dosmuhammet diýer gelmişem dada,

Uzyn ömrüm beter geçdi bihuda,

Alla seni berse maňa dünýäde,

Bile döwran sürsek başa-baş gelin.