Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

KEÝIK HAN

KEÝIK HAN


Ýomutda, gökleňde, özbek, täjikde,

Sen kimin owadan ýokdur, Keýik han,

Gara göz, galam gaş, maral göz gelin,

Sen kimin owadan ýokdur, Keýik han.


Owazyň düşüpdir ýakyna-ýada,

Sypatyň meňzetdim bir perizada,

Rumy-Ystambylda, şähri-Bagdatda,

Sen kimin owadan ýokdur, Keýik han.


Gelipdir döwletiň-abadan  ýazyň,

Elmydam gurugly toý-baýram, sazyň,

Zähmetde, jedelde ýok deňiň-taýyň,

Sen kimin owadan ýokdur, Keýik han.


Gurban aýdar, perä meňzär bir kişi,

Uzyn boý, inçe bil on sekiz ýaşy,

Peýkamdyr sanjylar göz, galam gaşy,

Tarypyndan zyýadadyr, Keýik han.