Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AŞY  BOLMASA

AŞY  BOLMASA


Gürrüňde ýigidiň ady tutulmaz, 

Gylygy, gylyjy, aşy bolmasa;

Ol ýigit haýwandan gaýry tapylmaz,

Mylakatly, şirin sözi bolmasa.


Ýigit oldur geýinmäge höwesdir

Ony kemsideniň öz näkesdir,

Bir ýigide beglik etmek hebesdir,

Öýünde mydary, goşy bolmasa.


Ogrudan mal gaçar, mydam aç bolar,

Ogulsyz döwletiň soňy puç  bolar,

Ýoksullyk hem jomart äre hiç bolar,

Iýer ýaly nany, aşy bolmasa.


Her tilkiden gaplaň bolmaz, şir bolmaz,

Meýdanda  bar adam barabar bolmaz,

Her nadandan işan bolmaz, pir bolmaz,

Säherler gözüniň ýaşy bolmasa.


Her kim görse aşygynyň ýüzüni,

Ýar ýolunda pyda eder özüni,

Ýeke ýigit çeker iliň sözüni;

Goçak ogly, goç gardaşy bolmasa.


Dereksiz zat üçin dostuňdan geçme,

Ýamandyr ýyrak bol, ýagşydan gaçma,

Şabende, her ýerde pynhan syr açma,  

Ýanyňda ähtibar kişi bolmasa.