Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

TAPYLAR

TAPYLAR


Eý agalar, näzli ýaryn öýünde,

Isteseňiz genji-pynhan tapylar.

Köp aşyklar gezer munuň köýünde,

Sürer bolsaň, ýene döwran tapylar.


O zülpe baglyýam owaldan-başdaw,

Ölsemem aýrylman bu galam-gaşdan,

Çar tarapdan geler ondan, on bäşden,

Otagynda eziz myhman tapylar.


Sözlände sözünden dürlerin saçar,

Aşyk bolan şirin janyndan geçer,

ÝArym hümmet eýläp, sandygyn açar,

Bukjasyndan dürli elwan tapylar.


Iigitlermiz  bardyr gollary bazly,

Bagşylarmyz bardyr bilbil owazly,

Ýurtlarymyz bardyr  baharly-ýazly,

Saýyly diýr,  çeşmi-girýan  tapylar.