Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GARA GÖZ

GARA GÖZ


Kimdir seni görüp düşmese meýli,

Muştagyňdyr älem-jahan, gara göz.

Men Mejnunam sen hem göýä ki Leýln,

Bolaly bir-bire hemdem, gara göz.


Çölde jeren bäs eýlemez gözüňe,

Gandy-nabat goşulypdyr sözüňe,

Sen istär sen bir ýagşy ýar özüňe,

Men istär men sen dek juwan, gara göz.


Jennetiň hüýrüne meňzär suratyň,

Belki hüýrden artyk idi şöhratyň,

Meniň ahym köpdür, seniň hesretiň,

Ikimizde galdy arman, gara göz.


Dosmuhammet saýrar göýäki bilbil,

Bilbil saýrar, emma hany täze gül,

Negadyr elinde ömrüň geçdi kül,

Haýp bolduň sen nowjuwan, gara göz.