Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BOLMAGYN

BOLMAGYN


Ger başyň asmana ýetse,

Peşeden uly bolmagyn;

Bir sydyrgyn günün ýetse,

Hannasyn ýeli bolmagyn.


Deň bolup pakyra, baýa,

Ömrüň ötürmegin zaýa,

Gulluk eýlegin hudaýa,

Bendäniň guly bolmagyn.


Il içinde ötse sözüň,

Gysganmagyn nan-u-duzuň,

Şol dem ýumulsa-da gözüň,

Süýthoruň puly bolmagyn.


Saklagyn namys-gaýratyň,

Beslegin ýaragyň-atyň,

Ýagşy tutawer niýetiň,

Şeýtanyň päli bolmagyn.


Şahyr Baýly, al nesihat,

Ahyry jaýyňdyr lahat,  

Dünýäni eýleme gahat,

Garybyň duly bolmagyn.