Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SAÇLY  GYZLAR

SAÇLY  GYZLAR


Biz hem geldik tomaşaňa,

Boýy uzyn saçly, gyzlar,

Elleri elwan hynaly,

Gyýma galam gaşly, gyzlar.


Aýaklary terbiýetli,

Elleri hyna boýagly,

Uzyn boýly, al ýaňakly,

Gyýma galam gaşly, gyzlar.


Gider iline, iline,

Men gurban inçe biline,

Çykaly bagyň seýline,

Eli toty guşly, gyzlar.


Aşyk Oraz, diýer, näzlim!

Boýny ördek, guba gazlym,

Şirin tilli, bal agyzlym,

Hünji göwher dişli, gyzlar.