Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

MAGRUPLYKDA BELLIDIR

MAGRUPLYKDA BELLIDIR


Dostlar dört gözeliň, waspyn sözlesem,.

Dördüsi-de magruplykda bellidir;

Bezenipdir  bir-birine täsipkeş,

Asly söýünhanly, agyr illidir.


Birinin egniniň ýaşyl-aly  bar,

Biriniň biliniň tirme şaly bar,

Birisiniň ak ýüzüniň haly bar,

Biri bagrym kesen, şirin tillidir.


Biri  meňzär  kölüň guba  gazyna,

Biri meňzär  pasly-bahar ýazyna,      

Biri ogşar Saýathanyň özüne,

Biri pisse dahan lebi ballydyr.


Biri bardyr bagda bile gezmäge,

Biri bardyr suwda bile ýüzmäge,

Biriniň şanyna dessan düzmäge,

Biri mürçe-miýan, inçe billidir.


Dört gözel  görmüşem, elheder,aman,

Kirpikleri okdur, gaşlary keman,

Ikisi ter gelin, biri nowjuwan,

Şabende diýr, birniň seri tellidir.