Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

NÄBILSIN

NÄBILSIN


Türkini oňarmaz niçe mollalar,

Arap dilin, diwan hatyn näbilsin,

Elipden şermende, gury selleler,  

Her sözuň ýagdaýyn, ýatyn näbilsin.


Ekseň bar getirmez ol gury söwut, .

Eblehu-nadandyr almaz hiç öwüt,

Dogmadyk bigaýrat, täsipsiz ýigit,

Ýagşy- mahbup gadryn, atyn näbilsin.


Söz şirin bolar baldan, şekerden,

Eşidip öwüt alsaň göwher dökerden,

Sahyp huruç şalar doýmaz nökerden,

Her sözüň ýagdaýyn, ýatyn näbilsin.


Barar otyr her kim salsa düşekler,

Bagda durmaz yzzat görse eşekler,

Obada ülpüldäp gezen pişikler,

Goňşy-golam,  garyndaşyn  näbilsin.


Şabende diýr, ýigit dogsa lagnaty,

Möhümiň bitirmez, goýar minneti,  

Harpyn harap eder, bozar lezzeti,

Assyn, üssün, teşdit, metin näbilsin.