Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

PEŞDEN AÝRYLSA

PEŞDEN AÝRYLSA


Uly set ile geň bolar,

Mugallym peşden aýrylsa.

Şire şagal rüstem bolar,

Dyrnakdan, dişden aýrylsa.


Ýigitlik bir ýazdyr, geçer,

Nowça gülüň guryr, öçer,

Garrydykça awuň gaçar,

Eginden, başdan aýrylsa.


Şejer görki bar görüner,

El görki gubar görüner,

Goç ýigitler har görüner,

Kowum-gardaşdan aýrylsa.


Şeýdaýy diýr, gördüm baryn,

Ganymat bil il didaryn,

Nala çeker zaryn-zaryn,

It eger göçden aýrylsa.