Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AMANMY? BALAM   SENI HEMRAHYM MEKANYM ÝARA  ÝETIR
AÝRYLDYŇ ESERLI GÖZÜŇDEN JENANYŇ  GELDI
AÝAN  BOLMASA GARDAŞYM NÄ  HYÝALDADYR? ÝAR DERDIŇDEN
JENANYŇ  GELDI

Arzym eşit, patyşahym,   

Jan bilen jananyň geldi!

Çyn-Maçyn ýurduna giden,

Hatarly kerweniň geldi.


Gözi bilen gaşy bilen,

Belent dagyň başy bilen,

Ýüz ýigrimi ýaşy bilen,

Hemra atly balaň geldi!    


Galmady synada dagyň,

Açyldy batyl bulagyň,

Eýäm ýandyrdy çyragyň,

Arzuwly armanyň geldi!


 

Sözüm bar saňa diýesi,  

Duşmanlaryň gam  iýesi,

Täju-tagtynyň eýesi,

Keremli soltanyň geldi!


Kasym diýr guluň adyna,

Gulak sal aýry-badyna,

Şahym, ýetdiň myradyna,

Giden oglanlaryň geldi!