Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

JENANYŇ  GELDI HEMRAHYM AÝAN  BOLMASA ÝARA  ÝETIR ESERLI
ÝAR DERDIŇDEN NÄ  HYÝALDADYR? MEKANYM AÝRYLDYŇ BALAM   SENI
GARDAŞYM AMANMY? GÖZÜŇDEN

ESERLI


Bibi jan! Bag içre bir oglan gördüm,

Näzenin ýigitdir, ýüz elwan dürli!

Ony görüp,  akyl-huşum ýitirdim,

Ýetişgeç jilwesi, boldum eserli.


Ne sebäpdep gülgün meňzim sarala,

Bagrym başy köz-köz bolup garala?

Asly ynsan, ogşatmyşam marala,

Ýetişdi jilwesi — boldum eserli.


Halka-halka  käkilleri  zerewşan,

Bahar eli degip bolmuş perişan,

Adamzat şahy diýp eýledim güman,

Ýa bolmasa Hemra jandan habarly.


Selip diýer, aklym haýran eýledim,

Görenimi saňa beýan eýledim,

Seniň Hemraň diýip, güman eýledim,

Ýaňaklary hal-hal, ýüzleri zerli.