Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

JENANYŇ  GELDI HEMRAHYM AÝAN  BOLMASA ÝARA  ÝETIR ESERLI
ÝAR DERDIŇDEN NÄ  HYÝALDADYR? MEKANYM AÝRYLDYŇ BALAM   SENI
GARDAŞYM AMANMY? GÖZÜŇDEN

GARDAŞYM


Hasratyňdan hasta jan, otga ýakar men, gardaşym,

Gelmedi diýip çar tarapga bakar men, gardaşym,

Günde seni ýat edip,öýden çykar men gardaşym,

Hijriň odunda erip, suw dek akar men, gardaşym,

Istesem, indi seni kaýdan tapar men, gardaşym!


Hesretiňden galdy ataň, zary-sergezdan bolup,

Ýaş döküp, aglap eneň, iki gözi girýan bolup,

Ýary-dostuň eşidip, waspyňda bagry gan bolup,

Bu sebäpden men köýer men, hatyrym weýran bolup,

Islesem, indi seni kaýdan tapar men, gardaşym!


Gülşeni bagy-Eremde bir güli-ragna idi,

Bir lutýpatlyk nahaly boýlary ziba idi,

Iki dünýä içre bitgen göwheri-ýekta idi.

Nerim sözli, kerem ýüzli, bir asylzada idi,

Islesem, indi seni kaýdan tapar men, gardaşym!


Bolmady bu dünýäde zerreçe döwran oňa,

Alladan geldi kazaýy-merki biderman oňa,

Eýledi halka-halaýyk — barçasy arman oňa,

Güljemile, nesip etgeý göwheri — iman oňa,

Yzlasam indi seni kaýdan tapar men, gardaşym!