Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

JENANYŇ  GELDI HEMRAHYM AÝAN  BOLMASA ÝARA  ÝETIR ESERLI
ÝAR DERDIŇDEN NÄ  HYÝALDADYR? MEKANYM AÝRYLDYŇ BALAM   SENI
GARDAŞYM AMANMY? GÖZÜŇDEN

AÝAN  BOLMASA


Kadyr alla! Meni saldyň bu derde,

Men neýläýin, ýarym  aýan bolmasa.

Ýar, ýar diýip öler boldum bu ýerde,

Kanda ýaşagany aýan bolmasa.


Gerek bu pelekden gelen kybapdyr,

Göründi düýşümde, bu niçik hapdyr,

Çiltenler bergeni turpa şerapdyr,

Gorkar men, bagtyma keran bolmasa.


Däli köňlüm, Erem kanda, sen kanda,

Ukuda  görenňe bolmagyn  bende,

Bu çöllerde ölüp, bolma şermende,

Bara bilmen, belli mekan bolmasa.


Gider boldum, «Barsa-gelmez» ýol bile,  

Bu ýol barar ahyr bir gun menzile,

Köňlum, dilegiňi alladan dile,

Köp ýatmak özüňe zyýan bolmasa.


Hemra islär ýene gül ýüzli ýaryn,

Ýürekden uçurdy sabry-kararyn,

Agtarar men pany dünýäniň baryn,

Dynç almaz men, çöli-mugan bolmasa.