Höwes bilen barsam edephanaga,
													Aklym alar ol dilberiň allary,
													Zülpi heniz ýetgen imes şanaga,
													Meger huda uzak salmaz ýollary.
													
													Müjgänleri jandan öter gözlese,
													Tapmas kişi istäp any yzlasa,
													Şeker damar leblerinden sözlese,
													Totumydyr, bilbilmidir tilleri...
													
													Mert  başьşy  namartlara egmesin,
													Namart özün halk içinde öwmesin,
													Ýar bagyga hazan eli degmesin,
													Hoşreň bolsun  çemen-çemen  gülleri.
													
													Kaýs  baradur  mekdebige hoş  bolup,
													Ýaryn görmek üçin  köňli  joş  bolup,
													Meniň ömrüm ýar  ömrüne goşulyp,
													Zyýat bolsun aý-u, gün-u, ýyllary.