Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BARSAM YNANMAZ GULPAGYŇ OGULBIKE ŞOL ÝAR ÖLDÜRDI
BAŞ GELIN GÜLLERE ORAZYM ÝANYMA
BILE  BILMEDIM GYZLARYŇ SALLANYP  GEÇDI ÝAR, SENI
BOÝUŇA DÖNEÝIN JANA  SÖWDÜGIM SALMA  GÖZÜŇDEN ÝOL BILE
DILIŇ DERDINDEN MAŇA   GARŞY SÖZÜM  BAR SAŇA ZÜLPÜŇ

ORAZYM


Günbe-günden  huruç edip özüňden,

Ganym sary atlanar sen, Orazym;

Bir hudanyň beren ulüş-paýyndan

Her söweşde, jeňde bar sen, Orazym.


Duşman görse, çykar syýasat bile,

Tuwulga, çaraýna, boz sowut bile,

Ala çakmak tüpeň, arap at bile,

Ýalançyny hoş geçir sen, Orazym,.


Önki batyrlaryň kesbin ýörüden,

Algyrlaryň zyýat erer börüden,

Pilden,  kergedenden,  döwden, periden

Taýpar çekip, ýan bermer sen, Orazym.


Kemine diýr, adamzatdan ýüz görmen,

Ýagşa «ýagşy» diýr men, ýamana «ýaman»,

Mert bile namardy görsem tanyr men,

Sen bir ýalňyz dogan är sen, Orazym.