Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

JENANYŇ  GELDI HEMRAHYM AÝAN  BOLMASA ÝARA  ÝETIR ESERLI
ÝAR DERDIŇDEN NÄ  HYÝALDADYR? MEKANYM AÝRYLDYŇ BALAM   SENI
GARDAŞYM AMANMY? GÖZÜŇDEN

GÖZÜŇDEN


Sözle dostum! Ne iş düşdi başyňa,

Aýlanaýyn gara nerkes gözüňden!

Gapyl erdi, gülüň geldi gaşyňa,

Aýlanaýyn gara nerkes gözüňden!


Kişiniň agasy şeýle bolarmy,

Gözün oýup, çaý.düýbüne salarmy,

Kyýamatyň webalyna galarmy,

Aýlanaýyn  gara   nerkes gözüňden!


Bu ne gaýgy, bu ne hesret, janlarym,

Bu ne apat, bu ne mähnet, janlarym,

Ýagşylyga bu ne töhmet, janlarym,

Aýlanaýyn, gara nerkes gözüňden!


Ýarym bile meni  çaýa salyňlar,

Ýarym üçin meniň janym alyňlar,

Gözüm oýup, ýar gözüne goýuňlar,

Aýlanaýyn, gara nerkes gözüňden!


Hüýrlukga diýer, ýandym oduňa,

Ýanyp, eda boldum ýaryň derdine,

Dostlar galyp, duşman gitsin ýurduna,

Men aýlansam gara  nerkes gözüňden.