Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GUÇAN  ÝERLERI
BIGANA ÝAGŞY ÝALANDADYR

GUÇAN  ÝERLERI


Goç ýigitler, sürüň munda döwrany,

Ençeme jenanyň geçen ýerleri,

Şaapbasyň gyzy Şasenem jany,

Garyp guluň alyp, guçan ýerleri.


Ak göwsüne tylla düwmeler düzen,

Sallanyban aşygyna göz süzen,

Bir ajap sapaly baglarda gezen

Bilbil ýaly dürler seçen ýerleri.


Sermest ýakalarda seýran etdirip,

At çapdyryp, altyn gabak atdyryp,

Çadyr gurup, ak öýleri tutduryp,

Gülüp oýnam, göwün açan ýerleri.


Zelili diýr, Halap, Şirwana bardym,

Aşyk Aýdyň pirin gaşynda durdum,

Haňlap ýatan' köşgi-eýwan kän gördüm, .

Gör, kimleriň taşlap göçen ýerleri.