Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

JENANYŇ  GELDI HEMRAHYM AÝAN  BOLMASA ÝARA  ÝETIR ESERLI
ÝAR DERDIŇDEN NÄ  HYÝALDADYR? MEKANYM AÝRYLDYŇ BALAM   SENI
GARDAŞYM AMANMY? GÖZÜŇDEN

HEMRAHYM


Agalarytň seniň üçin iberdim,

Sen-de otlar salma jana, Hemrahym!

Bilbilden zyýada boldy bu derdim,

Meni goýduň ýowuz güne, Hemrahym!


Ozal köýdüm, on dört ýaşa geldi diýp,

Oglanlarmyň peýmanasy doldy diýp,

Guwandym men size, ölmän galdy diýp,

Jyda tygyn çekdim jana, Hemrahym!


Käşki başda görmegeýdim bu düýşi,

Eşitmeýdi menden muny hiç kişi,

Çünki indi çeker boldum  käýişi,

Jyda tygyn çekdiň jana, Hemrahym!


Ne müşgüldir, meniň pendim almasaň,

Gan aglaýyp, gal diýende galmasaň,

Mundan gidip, üç aýa çen gelmeseň,

Çolanar men kepen dona, Hemrahym!


Hysrow aýdar, kimge tagtym bereýin?

Seň baryňda, bäş gün döwran süreýin,

Ölýänçäm myhman men, ýüzüň göreýin,

Nesihatym  budur saňa, Hemrahym!