Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SEN - SEN

SEN-SEN


Neçüýn ola sen gamgyn, bir turpe jenan sen-sen,

Baglarda açylgan gül hem serwi-rowan sen-sen,

Gün gözgüsinden röwşen, bir göwheri-kän sen-sen,

Dilmurgyny saýt etgen, saýýady-zaman sen-sen,

Aklymy eda kylgan, bir apaty-jan sen-sen.


Köýüňde kuýun dek men, gam deştide sergerdan,

Kim görse jemalyňny, elbetde, bolar haýran,

Gül yşkynda bilbilniň işi ki erer efgan,

Wasl içre köýer jany, ýadyga düşse hijran,

Bilbil perini gyrgan, gül-gunça dahan sen-sen,


Gitsem ki gelermen tiz, Mahym maňa zardyr diýp,

Öpsem ki ýaňakyňdan, ter alma enardyr diýp,

Halyna nazar kyldym, hup nagşy nigardyr diýp,

Her kişi ki bäs etse, sen deý gözel bardyr diýp,

Ol misli sadap' ermiş, bir dürri-merjen sen-sen,


Şamu-säher oýgansam, köňlümde seniň ýadyň,

Özgäge düşüp yşkyň, galdy maňa perýadyň,

Synamda eda bolmaz her günde ýakan oduň,

Neýleý ki wysal ylmyn, ders etmedi ustadyň,

Tahyr begni öltürgen ak gollary gan sen-sen.