Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GEREK

GEREK


Simi-zer  derkar  imesdir,  simi-rugsarym   gerek,

Toty guşny neýleýin, ol toty guftarym. gerek,

Gül gerekmesdir maňa, gülçähre gülzarym gerek,

Sünbüli ursun hazan, sünbül kibi tarym gerek,

Yşk era Mejnun bolup men, Leýli deý ýarym gerek.


Mahymym   Bagy-Eremdir, men-Eremniň  bilbili,

Zöhre jan şahy-jahandyr, men ki şanyň bir guly,

Iki dilberniň belasyn  kysmat etmiş owwaly,

Biri naýnyň şekeridir, biri jenietniň güli,

Aýy-ruhsarym bile hurşydy-didarym  gerek.


Aldy aklym ir periweş ol mahy-şirin zyban,

Ýagşylardan ýagşy sen-sen,  men-ýamanlardan  ýaman,

Galmyşam haýrany-haýran, pyrkat içre köýdi jan,

Munda söýsem Mahymy, ol ýerde aglar Zöhre jan,

Yşkyň söwdasyn salan gyzykly bazarym gerek,


Tahyr aýdar, arzuw eýlärmen oşol dildarymy,

Zöhre atly mahy-peýker, gözleri  hunhorymy,

Bu ýalan dünýä gerekmez, görmesem ol ýarymy,

Men niçik terk eýleýin Mahym — güli  ruhsarymy,

Munda — Mahym,  onda — Zöhre zülpi-şamarym   gerek