Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AÝRYLYP

AÝRYLYP


Zehre jan, hijrinde köýdüm, jany senden aýrylyp,

Çün bolup didelerim girýany, senden aýrylyp,

Bozulyp köňlüm öýi — weýrany senden aýrylyp,

Galmady takat maňa-permany senden aýrylyp.

Tapmadym bu derdime dermany, senden aýrylyp,


Ger gazap, ger rähim kyl, mähribanym seň meniň,

Janym al, ýa jan beru, aramy-janym sen meniň,

Kaddy zyba, bag era serwi-rowanym sen meniň,

Köňlüm algan bir periweş dilsitanym sen meniň,

Ýüz elem, ýüz nalaýy-efgany, senden aýrylyp.


Köňlümiň hoşgähi sen-sen, gözlerimniň röwşeni,

Barça hublar serweri, yşk ähliniň, täji-seri.

Barmydyr uşbu jahanda sen kibi zyba peri,

Zynaty romy zeminiň hem asmanyň-enweri.

Akmyşam derýa bilen armany, senden  aýrylyp...


Näwügi-müjgänleriň bagrymda peýkamdyr bu gün,

Aýralyk ahyrzamandyr, ruzy-hijrandyr bu gün,

Iýgenimdir zähri-katyl, içgenim gandyr bu gün,

Bu tiriklikden maňa ölmeklik asandyr bu gün.

Bolmady bu müşgülim asany, senden aýrylyp.


Tahyr diýer, Zöhre jan sormaga gelmez halymy,

Senden özge kim biler başdan geçen ahwalymy?

Neýleýin, keç eýledi gahba pelek ykbalymy,

Käşiki görsem ýüzün, kylsam gasatdyk malymy,

Ötdi bizden döwleti-döwrany, senden aýrylyp...