Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GITSEM  GELER MEN

GITSEM  GELER MEN


Zöhre jananymdyr: Mahym gyz — janym,

Aglama; Mahym jan, gitsem, gelermen.

Niçik terk edermen sen mähribanym,

Aglama Mahymjan, gitsem, gelermen.


Başyma düşüpdir aýralyk güni,

Saňa pida kyldym jan bile teni.

Razy bol, Babahan öldürse meni.

Aglama, Mahymjan, gitsem, gelermen.


Biri tawus, biri köňül sonasy,

Ýakdy meni iki gyzyň nalasy.

Rugsat  bersin Mahym  janyň enesi,

Aglama, söwdügim;gitsem, gelermen!


Tahyr diýer, söýdüm iki perini,

Tatarda — Zöhre jan, Bagdatda — seni,

Özün köp ýyglaýyp; ýyglatma meni,

Rugsat ber, Mahym jan, gitsem, gelermen!