Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AZAT   EÝLEDIM

AZAT   EÝLEDIM


Yşkyň söwdasyna salypsen başyň,

Bar, gardaşym, seni azat eýledim!

Kaýda  barsaň, huda  bolsun ýoldaşyň,

Bar, gardaşym, seni azat eýledim!


ýüzüň sargarmasyn, reňgiň solmasyn,

Dostlaryň şat bolup, duşman gülmesin,

Bizden  peýda bolsun, zelel bolmasyn,

Bar, gardaşym, seni azat eýledim!


Hak yşkyna düşen  äriň. äri sen,

Sähranyň börüsi, dagyň şiri sen,

Sen hem aw istegen kyrkyň biri sen,

Bar, gardaşym, seni azat eýledim!


Kamar diýer, seni azat eýlärmen,

Kyrkyň dogany sen, bir janu-bir teň,

Meni  kyýamatlyk dogan diýgeý  sen,

Bar, gardaşym seni azat eýledim!