Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

HOŞ  GAL   INDI

HOŞ  GAL   INDI


Gidermen Tatar iline,

Begler, hanlar, hoş gal indi!    

Baş goýmuşam ýar ýoluna,

Dost-ýaranlar, hoş gal indi!


Men gidermen Zöhre ýara,

Neýleýin, boldum -biçäre,

Gözi ýaş, bagry ýüz para,

Mahym gülüm, hoş gal indi!


Mahym janym, bir arzym  bar,

Menden başga  bolma dildar,

Bu sözümni  tutgul zynhar,

Söwer ýarym, hoş gal indi! ,


Tahyr diýer dönmen senden,

Sen hem el göterme menden,

Habarym geler kyrk günden,    

Halaýyklar, hoş gal indi!