Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BARSAM YNANMAZ GULPAGYŇ OGULBIKE ŞOL ÝAR ÖLDÜRDI
BAŞ GELIN GÜLLERE ORAZYM ÝANYMA
BILE  BILMEDIM GYZLARYŇ SALLANYP  GEÇDI ÝAR, SENI
BOÝUŇA DÖNEÝIN JANA  SÖWDÜGIM SALMA  GÖZÜŇDEN ÝOL BILE
DILIŇ DERDINDEN MAŇA   GARŞY SÖZÜM  BAR SAŇA ZÜLPÜŇ

ZÜLPÜŇ


Ajdarha dek ýassanyp, genji-nahana zülpüň,

Meşhury-älem olmuş, pany jahana zülpüň,

Görkezmedi gül ýüzüň, bag Ispihana zülpüň,

Äleme anbar saçar, degende şana zülpüň,

Neýleý ki ot salypdyr men natuwana zülpüň.


Haý-haý, seniň ýerişin arslana, şire ogşar,

Ala-ala  gözleriň janymny iýre ogşar,

Halka-halka zülpleriň kemende-dara ogşar,

Örum-örüm  saçlaryň owsunçy mara  ogşar.

 Her tary başga-başga, ot saldy jana zülpüň.


Dürli-durli iýmişiň tapylmaz her agaçda,

Bäh, ne katdy-kamatyň, salaýy boýda, başda,...

Ýöräp-ýöräp ýetişsem, tarypyň eşde-eşde,

Darap-darap goýberseň,  ýüzüňden puşda-puşda,

Yhlas edip öreli, getir bu ýana zülpüň.


Hup açylmyş gulleriň, güllerden özge bolsun,

Sözle, şirin tilleriň, tillerden özge bolsun,

Guçam  näzik billeriň, billerden özge bolsun,.

Biziň gutan işimiz illerden özge bolsun,

Akyzyp eşki-ganym aby-rowana  zülpüň.


Gel, gidäli,  Kemine, seýli-çemen  isteseň,

Läle-reýhan açylgan ter enjimen  istesei,

Lagly-göwher dakynyp, durri-emen  isteseň,

Zülpün her bir taryna ýüz müň tümen istesen ,

Nagt bersýin puluňny bir-birden sana zülpüň.