Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

JANA  SÖWDÜGIM

JANA  SÖWDÜGIM


Ogryn-ogryn gözleýşiň 

Ot saldy jana,  söwdügim.     

Gara  gözli, näzik beden ,   

Bir bak bu ýana, söwdügim!


Aý jemalyň  şöhle salar,

Jellat gözüň janym alar,

Haçan senden  mährim  ganar?

Gitme daş ýana, söwdügim.


Gamzaň oky bermez aman,

Nurbat, aman, dur bir zaman,

Kirpigi ok, gaşy keman, ,

Dişi dürdäne söwdügim.


Keminäniň ýok çäresi,

Gözeliň bolmaz  harasy.

Uzyn-gysganyň arasy,

Orta miýana söwdügim.