Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BARSAM YNANMAZ

BARSAM YNANMAZ


Iş salyşdym bir biwepa ýar bilen,

Ýarym diýip, ýanyna barsam ynanmaz

Süýekden syzdyryp ygtybar bilen,

Oda düşsem, bişsem, ýansam ynanmaz,


Leýli-Mejnun  kimin  çöllere çyksam,

Arzy — Ganbar   deýin derýada aksam,

Perhat — Şirin deýin daglary ýyksam,

Daşlaryň teýinde galsam, ynanmaz.


Gör, ne işler etdi Wamyku — Uzra,

Saýathan diýp goýdy ýaryny Hemra,

Depderde ýazylan Ýusup-Züleýha,

Olaryň hemrasy 'bolsam, ynanmaz.


Garyp bolup, Halap-Şirwana gaçsam,

Ýarym Şasenem diýp, örtenip-bişsem,.

Şolar kimin ýedi ýylda gowuşsam,

Yzynda  sargaryp-solsam,  ynanmaz.


Kemine diýr, arzym ýara ýetirsem,

Köňlumdäki  syrym  tile getirsem,

Iýmesem, içmesem, gözläp otursam,

Ajyksam, suwsasam, ölsem, ynanmaz.