Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SALLANYP  GEÇDI

SALLANYP  GEÇDI


Eý, agalar, ýolöteniň  duzünden,

Meniň sona  boýlym  çykdy-da  gitdi,

Alma ýaňagyndan, ap-ak ýüzünden, 

Lagly-merjenleri dökdi-de gitdi.


Goş bilezik hup ýaraşar destinde,

Jellat gözler jan almanyň kastynda,

Aýjemalym  akmaýanyň üstünde,

Bir keniz başyny çekdi-de gitdi.


Ýerden, gökden göterlipdir kararym, 

Şana  alyp, syýa zülpün daranym,

Aýjemalym, ap-ak ýüzli maralym,

Gähin-gähin bärsin bakdy-da gitdi.


Jereni bar, owlagy bar çölüniň,

Ördegi bar, gazlary bar kölüniň,

Kemine diýr, sona  boýly geliniň,

Zarynlap gözýaşyn dökdi-de gitdi.