Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BARSAM YNANMAZ GULPAGYŇ OGULBIKE ŞOL ÝAR ÖLDÜRDI
BAŞ GELIN GÜLLERE ORAZYM ÝANYMA
BILE  BILMEDIM GYZLARYŇ SALLANYP  GEÇDI ÝAR, SENI
BOÝUŇA DÖNEÝIN JANA  SÖWDÜGIM SALMA  GÖZÜŇDEN ÝOL BILE
DILIŇ DERDINDEN MAŇA   GARŞY SÖZÜM  BAR SAŇA ZÜLPÜŇ

ÝOL BILE    


Ak ýüzünde gara zülpüň hünäri,

Dawa edip, jeň başlady ýol bile;

Älemi ýandyrar bilbiliň zary,

Meger, bäs eýlemiş gyzyl gül bile.


Aşyga  ar getir lebzinden dänme,

Bir merde ýaraşmaz hiç soňun sanma,

Didara doýma ýok, şu mähre — ganma,

Ýör, boýuňa guwanaýyn, ýol bile.


Aşyklyk derdine tapylmaz çäre,

Gamzaň okdur, peýkam salypdyr ýara,

Üç ýogyn, üç inçe, uç ak, üç gara –

On iki syn ýaraşmyş inçe bil bile.


Aslyny sorasam  —  iliň uşagy,

Biline urup sen tirme guşagy,    

Meni ýakdy alkymlaryň aşagy,

Alma zenahdanlym, jüre hal bile.


Bu ne syrdyr, ýaýma ýakyna, ýada,   

Delmirip gelip men gapyňa dada,

Ýakyp sen, örtäp sen salyp sen oda,

Duzladyň söz bile, dildiň dil bile.


Kemine diýr, eşit meniň pyganym,

Müjgäniň hanjardyr, akyzdy  ganym,

Sen meni köýdurdüň, binurbat zalym!  .

Ak üstüne gyzyl geýdiň al bile.