Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GÜLLERE

GÜLLERE


Huplaryň şiwesi gara göz bolar,

Gör, tomaşa et bilbil bilen güllere!

Gözeliň şiwesi şirin söz bolar,

Sözle, gurban olam şirin dillere!


Al-ýaşyl geýinip, kümüş guranda,

Şitde-şemle inçe bile oranda,

Suw sonasy ýaşylbaşy görende,

Laçyn köňlüm telwas eder köllere,


Aýra duşsem, elip katdym ýaý bolar, .

Aýrylmasam, köňlüm  ajap jaý bolar,

Gül ýüzüň görmesem, günüm aý bolar,

Aýym uzap gitdi ýyldan-ýyllara.


Kemine goýmazlar ýar bilen ýary,

Pelekden dat eder geleniň bary,

Meniň dilim, seniň eliň hünäri,

Nusga bolup galsyn ilden-illere.