Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ŞOL ÝAR ÖLDÜRDI

ŞOL ÝAR ÖLDÜRDI


Telbe boldum, indi halym harapdyr,

Eý, agalar, meni şol ýar öldürdi;

Müşk alyban käkillerin darapdyr,

Jan agalar, meni şol ýar öldürdi.


Boýnuna gol salsaň Warla, semerli,

Altyn-kümüş tamam endamy zer-li,

Lagly-ýakut gerdeninde, tumarly,

Eý, agalar, meni şol ýar öldürdi.


Arzuw edip, aý jemalyn görmeli,

Ýüzde gülap, gözi-gaşy sürmeli,

Bir peridir, saçy sekin örmeli,

Jan agalar, meni şol ýar öldürdi.


Kemine diýr, tagt üstünde jaýydyr,

Derýa düri,  asman  kuýaş-aýydyr,

Gyzlar hany, gözelleriň şaýydyr,

Jan agalar, meni şol ýar öldürdi.