Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BARSAM YNANMAZ GULPAGYŇ OGULBIKE ŞOL ÝAR ÖLDÜRDI
BAŞ GELIN GÜLLERE ORAZYM ÝANYMA
BILE  BILMEDIM GYZLARYŇ SALLANYP  GEÇDI ÝAR, SENI
BOÝUŇA DÖNEÝIN JANA  SÖWDÜGIM SALMA  GÖZÜŇDEN ÝOL BILE
DILIŇ DERDINDEN MAŇA   GARŞY SÖZÜM  BAR SAŇA ZÜLPÜŇ

ÝAR, SENI


Arzyrum dagyndan aşyp geldigim,

Eňreý-eňreý göre bilmen, ýar, seni;

Golumdan  gaçyrdym, tuta  bilmenem,

Eňreý-eňreý göre bilmen, ýar, seni.


Bir guş  idim, beyewanda tutuldym

Bir daş idim, kenaryndan atyldym,

Keçdir bagtym — Kerbelada satyldym,!

Eňreý-eňreý göre bilmen, ýar, seni.


??iş-ipda,    arşoş??

Elim ýetmez beýik dagyň başynda,

Arslanyň agzynda, piliň dişinde,

Eňreý-eňreý göre bilmen, ýar, seni,


Aşyk oglan bir söz diýer şanyna,

Ahyr galdyň men garybyň ganyna,

Kemine diýr, şol oglanyň ýanyna,

Eňreý-eňreý göre bilmen, ýar, seni.