Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GULPAGYŇ

GULPAGYŇ


Ne belaň bar, gutarmadyň zulumdan,

Görem, kulahyny göter, gulpagyň;

Ýüregim dalmynyp, çykdy golumdan,

Janyma  owsunlap ýeter gulpagyň.


Ak ýüzüň hallary nokatdan kiçi,

Gamzaň garakçydyr jan  almak öji,

Mejnuny ýandyrdy  Leýliniň saçy,

Leýliniň saçyndan  artar  gulpagyň.


bähre tapar oýnan oýnuňdan,

Sekiz jennet ysy geler goýnuňdan,

Ikisin örup,  birin goýber  boýnuňdan,

Ýöräňde, sagryňa  ýeter  gulpagyň.


Yşkyň serişdesin erenler tutdy,

Aşyk bolan magşugyny unutdy,

Kemine diýr, menden ýigitlik ötdi,

Mundan hem ýakyndyr, öter gulpagyň.