Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BOÝUŇA DÖNEÝIN

BOÝUŇA DÖNEÝIN


Sähra degresinde duran gul kamar,

Ýaşyl geýen al  boýuňa döneýin!

Söz sözlände katra-katra  bal damar,

Ak ýüzünde hal, boýuňa döneýin.


Meniň işim keçdir, şowunä düşmez,

Özge bilen hergiz sulhum alyşmaz,

Mal bereýin diýsem, küştüm ýetişmez,.

Mende ýokdur mal, boýuňa döneýin.


Gyzyl meňzim sargarypdyr ar bilen,

Täleýim ýok, ykbalym ýok ýar bilen,

Ak göwsuň meňzetdim dagda gar bilen,

Mende tylla ýok, boýuňa döneýin.


Keminäniň göwni senden üzülmez,

Ýar zalymdyr, bize bagry ezilmez,

Çyn aşygyň eden ähdi bozulmaz,

Bir kararda dur, boýuňa döneýin.