Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BARSAM YNANMAZ GULPAGYŇ OGULBIKE ŞOL ÝAR ÖLDÜRDI
BAŞ GELIN GÜLLERE ORAZYM ÝANYMA
BILE  BILMEDIM GYZLARYŇ SALLANYP  GEÇDI ÝAR, SENI
BOÝUŇA DÖNEÝIN JANA  SÖWDÜGIM SALMA  GÖZÜŇDEN ÝOL BILE
DILIŇ DERDINDEN MAŇA   GARŞY SÖZÜM  BAR SAŇA ZÜLPÜŇ

SALMA  GÖZÜŇDEN


Mürçe gözelleri şahandaz bolar,

Aşyklar ýanynda  paýendaz  bolar,

Bir ýerik kän barsaň, gadryň az bolar,

Garry gadyrdany salma gözüňden.


Daýnanyň öňüniň  beýik  arçasy,

Dökülse dökülsin gülüň gunçasy,

Owarram ýykylsa garry Mürçesi,

Garry gadyrdany salma gözüňden.


Köp ýaşadym diýip, çekmegin arman,

Gara saçyň bolsam agyna gurban,

Çem gelen döwrany goluňdan bermän,

Garry  gadyrdany  salma  gözüňden.


Kemine diýr,  geplemesem-de  gep  bolar,

Geplemesem, haýsy derdim dep bolar?

Ýalançyda  ýagşy-ýaman  köp  bolar,

Garry gadyrdany salma gözünden.


Dostlar, bir gözeliň waspyn söýlär men,

Meşhur bolsun sözi sözler içinde;

Okar men, ýazar men, dessan eýlär men,

Bipa bolsun ak kagyzlar içinde.


Seniň dek ter gunça baglarda bitmez,

Uzatsam   almaga,  gollarym   etmez,

Uklasam, oýansam, ýadymdan gitmez,

Meger, mesgen tutmuş gözler içinde.


Şiriniň  hemrasy, Leýliniň taýy,

Şöhläňden gizlener asmanyň  aýy,

Her gije, her gündiz gördügim saýy,

Ýüzüň aýa meňzär ýüzler içinde.


Kemine diýr, wysal  içre gezmäge,

Ylym gerek seniň waspyň düz.mäge,

Yşk oduna galam titrär ýazmaga,

Dilim sözde,  köňlüm  közler içinde.