Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

MAŇA   GARŞY

MAŇA   GARŞY


Söwer ýaryň tarypyny aýdaly,

Gitme ak maralym, gel maňa garşy;

Altyn- kümüş zümerretden şaýlaly,

Ak goluň boýnuma sal, maňa garşy.


Men arzymy söwer ýara ýetirsem,

Tutsam ak mämeden, oýnap otursam,

Göwnümde bar maksat — işim bitirsem,

Emsem lebleriňden bal, maňa garşy.


Meniň arzym söwer ýaryň goýnunda,

Agzym ýaňagynda, elim  boýnunda,

Assa-seýkin basyp, oýnan oýnunda,

Her jaýy-her jaýy, gel maňa garşy.


Kemine diýr, sen-sen wepaly ýarym,

Al-ýaşyl, geýipdir towfyk  nigarym,

Gözeller içinde sen intizarym,

Sen — Leýli, men — Mejnun çöl maňa garşy.