Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

OGULBIKE

OGULBIKE


Meýhana  men mestiňden, messana, Ogulbike,

Hem ülpeti dostuň men, diwana Ogulbike,

Hoş reftaru-hoş güftar, dürdäne, Ogulbike,

Adyň bilen aşna men, bigana, Ogulbike,

Bir ýorganu-bir ýassyk, döwrana, Ogulbike.


Bir bilbili-şeýda men, nala-wala eder men,

Her sagat örtener men, köýüňde derbe-der men,

Ten mende, janym sende, sensiz jany neder men,

Sen bir Leýli, men Mejnun daga-daşa gider men,

Men janym bilen aşna, bigana, Ogulbike.


Sowuk sözden  sim  alyp,  azypdyr-la  ýaramyz,

 Daşdan gören bir diýsin, golaý bolsun aramyz,

Suw seňrikden agansoň,  artmasyn  mübtelamyz,

Adam diýip sagynma, her kim görse garamyz,

Maksat: döwran galmasyn, bigana, Ogulbike.


Gyzlar ýanynda ýyldyz, sen özüňi aý etseň,

Gana-gana seredip, husnuň bilen baý etseň,

Bir janym bar, umydym, ýüz müň jana taý etsen,

Ýorgan-düşek, per ýassyk, öz goýnuňda jaý etseň,

Sen ataşa men aşyk perwana, Ogulbike.