Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝAR BIR ÝANA, BIZ BIR ÝANA PYÝALA REHM  ETMEZMIŇ HALYMA? (MELLEK)
ŞIRMAÝY  DARAK GURBANY MEN OWADAN  GELIN
NAZAR  KYLSA  DIŞLERIŇ

PYÝALA


Nerkes diýmek hatadyr ol wahşyýy-gazala,

Tuby kimin boýun egşim, ragna kaddy-nahala,

Gördük biz mahy roýuň, sargardy reňgi-läle,

Bilbiller uçdy gülden, ruhsara boldy wala,

Ne boldy, öz goluňdan berseň maňa pyýala!


Gün ýüzüň şuglasyndan zerredeý muzterip men,

Bagrymga tyg urar men, özümgä dergazap men,

Pyrkat zährin içer men, senden wysal talap men,

Kyldym ki dady-bidat, diýdim ki teşne leb,men,

Ne boldy, öz goluňdan berseň maňa pyýala.


Kastyň nedir bu jana, eý ýary mahy-taban!

Men çekmişem bu jebriň, çekmesin hiç musulman.

Ötmezmi şamy-hijran, gelmezmi deli-döwran,

Gülşen içre seýr edip, tapyp bir jaýy pinhan,

Ne boldy, öz goluňdan berseň magňa pyýala.


Gaşlaryň mahy-gündür, ýüzüň hurşydy-agla,

Gördüm şemgy-jemalyň, başymga düşdi gowga-

Garakçy, kapyr zülpüň imana saldy ýagma,

Ak goluňdan meý içip, hup ähli boldy ryswa,

Ne boldy, öz goluňdan berseň maňa pyýala.


Nepes diýr, ataş içre köýer boldum dowamat,

Yşk odunyň uçguny hetden aşdy kyýamat,

Bu derýa gark olanlar çykmaz ermiş salamat,

Diýdim ýanmak mütdetim geldi wagzy-zyýapat.

Ne boldy, öz goluňdan berseň maňa pyýala!