Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AÝ   INDI
ÝAR BIR ÝANA, BIZ BIR ÝANA PYÝALA REHM  ETMEZMIŇ HALYMA? (MELLEK)
ŞIRMAÝY  DARAK GURBANY MEN OWADAN  GELIN
NAZAR  KYLSA  DIŞLERIŇ ÝAR,  SAŇA

AÝ   INDI


Wysalyňdan gamgyn  köňlüm  açyldy,

Pyrkatyňdan elip kaddym ýaý imdi.

Ýüzüň nury älem ara saçyldy,

Hergiz dogmaz özüň kimin aý imdi.


Säher ýeli zülpüň  perişan eder,

Gamzaň okdur, jiger bagrym gan eder,

Görse bizi şum rakyplar taň eder,

Gyz, eýlegin öz goýnuňda jaý imdi.


Senden özge ýary gözüm görmesin,

Sensiz zowky alla maňa bermesin,

Sen bolmasaň, dünýä bir dem durmasyn,

Ýykym-ýumrum bolsa, diýmen «waý» imdi.


Nepes diýr, bir ýara bilim baglar men,

Aryf özüm, dost-duşmany saglar men,

Tä ölinçäm, Durdy han diýp aglar men,

Gözlerimden dolup aksyn çaý imdi.