Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ARZUW  EÝLÄR
ÝAR BIR ÝANA, BIZ BIR ÝANA PYÝALA REHM  ETMEZMIŇ HALYMA? (MELLEK)
ŞIRMAÝY  DARAK GURBANY MEN OWADAN  GELIN
NAZAR  KYLSA  DIŞLERIŇ ÝAR,  SAŇA

ARZUW  EÝLÄR 


Köňlüm guşy ganat baglap,

Uçsam diýip, arzuw eýlär,

Tylla  käse guýup  şerap,

Içsem diýip arzuw eýlär.


Bilbil  köňli hoş gülünden,

Jomart  köňli çag ilinden,

Näzli ýaryň ol bilinden,

Guçsam diýip, arzuw eýlär...


Galar gyzlar köňül çaglap,

Mydam aglar, ýürek daglap,

Däli köňül ganat baglap,

Uçsam diýip, arzuw eýlär.


Mundan barsam Hindistana,

Gözüm  tutsam Dagystana,

Şähri-Bulgar,  Rumustana

Aşsam diýip,  arzuw eýlär.


Men münsem Mejnun dagyna.

Girsem Eremiň bagyna,

Näzli ýaryň gujagyna

Duşsem diýip,  arzuw  eýlär.


Joşsam dostlar men umýuan dek,

Dünýäni tutsam duman dek,

Hepes diýer, ol taban dek

Ýaşsam  diýip, arzuw eýlär.